Erdogan: “Burseýa dagy gysga wagt soň terrorçylardan basylyp alynar”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Siriýadaky Burseýa dagynyň gysga wagt soň terrorçylardan basylyp alynjakdygyny belledi

898657
Erdogan: “Burseýa dagy gysga wagt soň terrorçylardan basylyp alynar”

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan partiýasynyň Çorum welaýat kogresinden ozal halka ýüzlenip çykyş etdi.

Afrin sebitindäki terrorçylara garşy Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünde durup geçen Türk lider operasiýanyň 9-njy gününde 484 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Sebitdäki operasiýany dolandyrýan serkerde bilen duşuşandygyny aýdan Erdogan serkerdäniň: Nesip bolsa gysga wagt soň Bureseýa depesini hem basyp alarys diýendigini mälim etdi.

Erdogan: “Bu günler terrorçylaryň gowy günleri. Olara jogap artykmajy bilen beriller. Bizň serhedimize hüjüm guranlar, onuň jogabyny artykmajy bilen bereris. Afrinde dowam edýän bu göreş Idlib bilen dowam eder” diýdi.

Azezde häzirki wagtda asudalygyň ýola goýulandygyny aýdan Erdogan: “Günortadan Demirgazyga tarap hüjümler dowam edýär. Bu garda we gyşda türk esgerlerimiz Azat Siriýa goşuny bilen birlikde ýoluny dowam etdirýär” diýdi.

Prezident Erdogan kongresde eden çykyşynda hem Türkiýäniň zalyma garşy rehimsiz, ejize bolsa merhemetli bir döwletdigini, türk milletiniň hem merhemetli bir milletdigini belläp: “Düýnki güne çenli arkamyzda ÝPG we PÝD bar diýip, döwletimize garşy söz sözlänlerleriň ýeňlişlerini hem elbetde kadaly garaýarys” diýdi.  



Degişli Habarlar