"Türkiýe arkasynda kimiň bardygyna, güýjüne we adyna garamazdan degişli jogaby berer”

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň 2 müň ine dördül kilometrlik meýdanda terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşendigini aýtdy

897974
"Türkiýe arkasynda kimiň bardygyna, güýjüne we adyna garamazdan  degişli jogaby berer”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ýefrat galkany operasiýasynyň çäginde Türkiýäniň 2 müň ine dördül kilometrlik meýdanda terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşendigini aýtdy.

“Beýogly söhbetleri” atly gepleşige gatnaşan Premýer ministr Ýyldyrym Hataýa we Kilise roketalaryň, bombalaryň atylandygyny nygtady we “Indi biz näme etmeli, eýsem biz bu wakalara ünsiz çemeleşmelimi? Elbetde ünsiz çemeleşmeris, degişli jogaby bereris” diýdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ABŞ ýaly uly ýurt şeýle güýçli goşuny barka, şeýle uly mümkinçiligi barka 3-4 sany ganhordan, hyýanatçylykly terror guramasyndan medete garaşan ýurtmy?” diýdi.

ABŞ-nyň, Türkiýäniň günorta serhetlerinde 30 müň adamlyk goşuny dörederis diýip beýananat berendigini ýatladan Ýyldyrym “Eýsem bu näme diýmek? Türkiýäniň günorta serhetleri NATO-nyň serhetleridir. NATO-nyň serhetlerinde howp abanýan diýip, NATO agza başga bir ýurduň goşun döretmek pikirine men düşünmeýärin. Eýsem bu duşmançylyk dälmidir. Türkiýe muňa asla rugsat bermez. Arkasynda kimiň bardygyna, güýjüne we adyna garamazdan Türkiýe degişli jogaby berer” diýip belledi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň Afrinde diňe ekstremist terror guramasy PKK-a garşy däl eýsem şol bir wagtda DAIŞ-e garşy göreşýändigini nygtady



Degişli Habarlar