Prezident Erdogan Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

R.T.Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Trampy terrorçylara berýän goldawyny bes etmäge çagyrdy

896605
Prezident Erdogan Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Siriýanyň Afrin etrabynda başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy barada giňişleýin pikir alyşyldy.

Alynan maglumata görä Erdogan kärdeşine terrorçylyga garşy göreşiň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-ä ABŞ-nyň berýän ýarag goldawynyň bes edilmelidigini aýtdy.

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyny halkara hukuk esaslaryna we BMG-niň konwensiýasynyň 51-nji maddasyndan gelip çykýan legal goranyş hukugyna hem-de BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň terrorizme garşy göreş baradaky kararlaryna laýyklykda amala aşyrýandygyny nygtady.

Erdogan Türkiýänibň öz milli howpsyzlygy üçin Afrini terrordan saplamagy maksat edinýändigine ünsi çekdi.

Liderler Siriýa we özara meselelerde döwletara hyzmatdaşlygy hem-de ýakyn gatnaşygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

 



Degişli Habarlar