Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Prezident R.T.Erdogan Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabyna başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýa boýynça telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

896712
Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

R.T.Erdogan soňky gezek Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalar we Türkiýäniň Afrinde terror guramalaryna garşy başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy barada pikir alyşyldy.

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň milli howpsyzlygy taýdan möhüm bolan operasiýanyň Siriýanyň syýasy jebisligine, territorial bitewiligine, sebitiň asudalygyna möhüm golşant haşýetine eýediginine ünsi çekdi.

Kataryň Emiri Şeýh Tamim bolsa katarlylaryn terror guramalaryna garşy göreşde Türkiýäni goldaýandyklaryny nygtady.

Prezident Erdogan we Kataryň Emiri Şeýh Tamim özara gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösdürilmegi baradaky isleglerini ýene-de bir gezek nygtap geçdiler.



Degişli Habarlar