Erdogan Afrin operasiýanyň 6-njy gününde Hataýdaky operasiýa merkezine bardy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň 6-njy gününde Hataýdaky operasiýa merkezine bardy

897252
Erdogan Afrin operasiýanyň 6-njy gününde Hataýdaky operasiýa merkezine bardy

Alynan maglumata görä Prezident Erdogan Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar bilen agşam Ankaradan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň geçirilmeginden jogapkär 2-nji goşunyň Hataýdaky operasiýa merkezine bardy. 

Prezident Erdogana Wise-premýer Bekir Bozdag, Goranmak ministri Nurettin Janikli, Gury ýer goşunynyň serkerdesi Ýaşar Güler dagylar ýoldaşlyk etdiler. 

Prezident Erdogan ýanyndaky wekiliýet bilen bilelikde Operasiýa merkezindäki 2-nji goşunyň serkerdesi Ismail Metin Temel we beýleki harby resmilerden maglumat aldylar. 

Erdogana we ýanyndaky wekiliýete Hataýdaky Operasiýa merkezine guran saparyna Hataýyň gubernatory Erdal Ata hem ýoldaşlyk etdi. 

Sapar sebäpli Prezident Erdoganyň Beştepede Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen duşuşygyny yza süýşürendigi mälim boldy.

Prezident Erdogan Hataýdaky Operasiýa merkezindäki esgerlere ýüzlenip çykyş etdi.

 


Etiketkalar: #Hataý , #Erdogan , #wekiliýet

Degişli Habarlar