Premýer ministr Ýyldyrym Afrin babatynda beýanat berdi

Ýyldyrym Nigeriň we Türkiýäniň sebitleýin we halkara meselelerde meňzeş garaýyşlara eýedigini nygtady

896335
Premýer ministr Ýyldyrym Afrin babatynda beýanat berdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAİŞ terrorçylaryny ýok etmek, dost hem-de dogan halky basyşdan we zulumdan halas etmek üçin başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda ähli zadyň meýilleşdirilen ýagdaýda dowam edýändigini nygtady. 

Türk Premýer ministr Nigeriň Premýer ministri Brigi Rafini bilen geçiren metbugat ýygnagynda Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen baglanşykly: "Häzirki wagta çenli 214 nyşana täsirsiz ýagdaýa getirildi. Meýdanda saplaýyş işleri geçirilýär. Sebitiň terrordan PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAİŞ-den dolulygyna saplanýança çenli, ýaragly howpyň ortadan aýrylýança çenli operasiýa dowam eder. Meýilleşdirilişi ýaly dowam edýär, häzirki wagtda hiç hili mesele ýok" diýdi. 

Ýyldyrym Nigeriň we Türkiýäniň sebitleýin we halkara meselelerde meňzeş garaýyşlara eýe iki ýurtdygyny we hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin tagalla edýändiklerini habar berdi. 

Nigeriň Premýer ministri Brigi Rafini Türkiýäniň terrora garşy göreşine gözegçilik edýändiklerini beýan edip: "Türkiýe biz üçin tutanýerliligiň, direnişiň we güýjiň nusgasydyr" diýdi. 

 



Degişli Habarlar