Kilise guralan raketaly hüjümde 1 adam ýogaldy

Wakanyň bolan ýerien tiz kömek we ýangyn söndüriji ulaglar iberildi

896455
Kilise guralan raketaly hüjümde 1 adam ýogaldy

Siriýanyň Afrin sebitindäki aýralykçy terror guramasy PKK/PÝD-niň gözegçiligi astyndaky ýerden Türkiýäniň Kilis şäherine guralan raketaly hüjümde 1 adam ýogaldy.

Kilis welaýatynyň gubernatory Mehmet Tekinarslan metjitleriň birine düşen 1-nji raketa sebäpli ýaralanan adamlaryň 2-siniň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi.

Agyr ýaralan 2 adamyň 1-iniň hassahanada ýogalandygy nygtaldy. 

Tekinarslan 2-nji raketanyň düşen öýdäki adamlaryň ýagdaýynyň bolsa gowydygyny mälim etdi.

Wakanyň bolan ýerien tiz kömek we ýangyn söndüriji ulaglar iberildi.

Kilise guralan raketaly hüjümden soň Türkiýäniň Ýaragly güýçleri terrorçylaryň ýerlerini nyşana alyp, gaubisalar bilen artykmajy bilen hüjüm gurady.

 


Etiketkalar: #Kilis , #raketa , #metjit

Degişli Habarlar