“Türkiýe operasiýalar bilen zulum, gan we göz ýaşy getirmerýär”

Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalyn Howpsyzlyk maslahatyndan soň beýannama çap etdi

895321
“Türkiýe operasiýalar bilen zulum, gan we göz ýaşy getirmerýär”

Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalyn Ankarada “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy boýunça Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Howpsyzlyk maslahaty barada ýazmaça beýannama berdi.

Türkiýäniň şu günki güne çenli şeýle operasiýalar bilen giden ýerlerine zulum, gan, göz ýaşy, erbetlik alyp gitmändigini nygtan Kalyn: “Tersine ýurdumyzyň aýak basan her bir ýerinde adamlar parahatçylyk we asudalyk içinde ýaşaýarlar. “Ýefrat Galkany” operasiýasynyň guralan ýerleri onuň iň anyk mysalydyr” diýdi.

Türkiýäniň esasy maksadynyň serhetleriniň howpsyzlygyny, raýatlarynyň jan we emläk howpsyzlygyny üpjün etmekdigini nygtan Kalyn: “Siriýanyň territorial bitewiligine goýýan sarpamyz hem bu perasiýasynyň esasy sebäplerinden biridir. Ol ýurtda arap, türkmen, kürt doganlarymyzyň asuda, howpsyz we abadan ýaşamaklary üçin elimizden geleni etmegi, goňşuçylyk we doganlyk borjumyz hökmünde görýäris. “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy haýsydyr bir etniki gatlaga däl, diňe terror guramalaryna garşy guralýar” diýip, nygtady.

İbrahim Kalyn Azat Siriýa goşunlaryna degişli güýçleriň we olara goldaw berýän Türk ýaragly güýçleriniň Afrinde anyklanan terror guramasyna degişli pozisiýalary ýok edip, ynam bilen öňe barýandyklaryny beýan etdi.

Kalyn terrorçylar bilen asuda ilaty tapawutlandyrmak boýunça ünsliligiň her bir operasiýada bolşy ýaly ol ýerde-de ýokary derejededigini nygtady.

Metbugat sekretar Kalyn: “Ekstremist terror guramasy dolulygyna saplanýança, Siriýanyň esasy eýeleri bolan 3,5 milliona golaýy ýurdumyzda ýaşaýan doganlarymyz ynam bilen öýlerine dolanýança operasiýalarymyz dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar