Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan Siriýa meselesinde Russiýa bilen birlikde işleşmäge uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy

895612
Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde iki taraply gatnaşyklar bilen birlikde Afrinde terrorçylara garşy başladylan Zeýtun şahasy operasiýasy we Siriýadaky soňky wakalar barada pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Zeýtun şahasy operasiýasynyň Afriniň PKK,ÝPG we DAIŞ ýaly terror guramalaryndan saplanmagyny maksat edinýändigini belledi.

Türkiýäniň milli howpsyzlygyny üpjün etmegi maksat edinýän operasiýanyň, Siriýanyň syýasy jebisligi we territorial bitewiligi taýdan hem möhümdigini aýdan Prezident Erdogan Siriýa meselesinde Russiýa bilen birlikde işleşmäge uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy.

Iki lider Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriljek Siriýa milli ylalaşyk kongresinin netijeli bolmagy we meseläniň syýasy taýdan çözülmeği üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.



Degişli Habarlar