Erdogan serkerdeler bilen wideo şekilli maslahat geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Afrine guralýan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň üçünji gününde Baş ştabdaky we Guryýer serkerdeligindäki serkerdeler bilen wideo şekilli maslahat geçirdi

894821
Erdogan serkerdeler bilen wideo şekilli maslahat geçirdi

Düýn agşam Prezidentiň kompleksinde geçirilen maslahatda ilki bilen operasiýanyň gönükdirilmeginden we dolandyrylmagyndan jogapkär 2-nji Goşunyň serkerdeliginiň Hataý welaýatyndaky Operasion merkezi bilen wideo şekilli aragatnaşygy ýola goýan Prezident Erdogan Afrine guralýan operasiýa baradaky soňky maglumatlary 2-nji Goşunyň serkerdesi korpus generaly İsmail Metin Temelden aldy.

Erdogan soň bolsa Baş ştabyň Operasion merkezi we Guryýer güýçleriniň Operasion merkezindäki generallar bilen maslahat geçirdi.

Erdogan operasiýanyň meýilleşdirilişi ýaly dowam edýändigini we ruhybelentlidiklerini beýan eden Türk ýaragly güýçleriniň işgärlerine milli howpsyzlygy üpjün etmek üçin guralýan operasiýada üstünlik arzuw etdi.

Soň Hataý, Şanlyurfa, Kilis we Gaziantep welaýatynyň gubernatorlary bilen maslahat geçiren Erdogan, welaýatlardaky soňky şertler barada maglumat aldy.



Degişli Habarlar