Prezident Erdogan Afrin operasiýasy bilen bagly beýanat berdi
Erdogan Siriýanyň demirgazygyndaky Afrin sebitinde terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG we DEAŞ-e garşy başladylan operasiýanyň gysga wagtda tamamlanjakdygyny belledi
Prezident we AK partiýanyň başlygy R.T. Erdogan partiýasynyň Bursa welaýatyň zenanlar böleginiň kongresinde söz sözledi.
"Terrorçylaryň nähili gaçýandygyny görýärin" diýen Erdogan: "Terror guramasy PKK Afrinden gaçýar. Olar gaçar, biz bolsa yzlaryndan kowalarys" diýdi.
Erdogan: "Ähli musulmanlar doga edýär. Afrikdaky musulmanlaram doga etdiler. Afrikadaky çagalaram doga etdi. Ýalňyz däldiris" diýdi.
Erdogan Afriniň terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG tarapyndan basylyp alynandygyny belläp, Zeýtun şahajygy operasiýasyndan soň Afriniň esasy eýelerine beriljekdigini nygtady.
Terrorçylaryň kellelerini ýok etmegiň milli bir meseledigini aýdan Erdogan: "Ýewropanyň hemaýaty astynda bolan Fetullahçy terror guramasy FETÖ, PKK we DHKP-C diňe terror guramalary däl, kirli ssenariýalara öňbaşçylyk edýän pyýadadyr" diýdi.
Degişli Habarlar
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi