Türkiýe ABŞ-dan ÝPG-ä berýän goldawyny bes etmegini isledi

Ibrahim Kalyn Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi general Mak Master bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

892584
Türkiýe ABŞ-dan ÝPG-ä berýän goldawyny bes etmegini isledi

 

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Ak Tamyň Milli howpsyz boýunça geňeşçisine ABŞ-nyň terror guramasy ÝPG-ä berýän goldawyny bes etmelidigini aýtdy.

Ibrahim Kalyn Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi general Mak Master bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde PKK-nyň, DAIŞ-iň we Al Kaidanyň başda durmagynda terror guramalaryna garşy alnyp barylýan göreşiň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kalyn telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-ä berýän goldawyny bes etmelidigini aýtdy

Yrakda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşan Kalyn bilen Mak Master Yragyň territorial bitewiliginiň we durnuklylygynyň sebitde ýerleşýän ýurtlar taýdan möhümdigini nygtady.

Ibrahim Kalyn telefon söhbetdeşliginde Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ABŞ-da öz işini dowam etdirmegine Türkiýäniň alada bildirýändigini belledi

 



Degişli Habarlar