Premýer ministr Ýyldyrym Afrin operasiýasynyň üstünde durup geçdi

Binali Ýyldyrym Türkiýäniň serhet howpsyzlygyna garşy hüjümleriň dowam edýändigini belläp, milli howpsyzlyga wehim salýan islendik herekede asla geçirimlilik görkezmejekdiklerini nygtady

892215
Premýer ministr Ýyldyrym Afrin operasiýasynyň üstünde durup geçdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynda geçirilen 80 sany meýdan ulagynyň we 11 sany mobil dezaktiwasiýa ulagynyň gowşurylyş dabarasynda guralmagy meýilleşdirilýän Afrin operasiýasynyň üstünde durup geçip: “Halkara hukukdanam, öz hukugymyzdanam emele gelýän hukugymyzdyr bular. Biziň maksadymyz sebitdäki terrory ýok etmek, eýýäm ençeme ýyl bäri ejir çekýän sebitiň halkynyň täze ezýetlere sezewar galmagynyň öňüni almak” diýdi.

Binali Ýyldyrym: “Käwagt bolgusyz sözler aýdylýar, 3,5 million siriýala näme üçin munça pul sowýarsyňyz, näme edýärsiňiz? diýip. Duýgudaşlyk etmäge mejburdyrys. Biz jany howp astynda bolan, kyn günde galan, ýerinden-ýurdyndan jyda düşen, ähli zatlaryny goýup gaýtmaga mejbur bolan adamlara gapymyzy ýapmarys. Biziň medeniýetimizde bular ýaly zat ýok. Ynanjymyzda hem bular ýaly zat ýok. Elbetde ýüregimizi açdyk. Elbetde supramyza olara açdyk. Muny pul, hasap ýada başga bir mesele sebäpli etmedik” diýdi.



Degişli Habarlar