Mejlisiň Başlygy Kahraman Eýrandaky saparyny dowam etdirýär

Ismail Kahraman maslahatyň çäginde özara duşuşyklar geçirýär

890349
Mejlisiň Başlygy Kahraman Eýrandaky saparyny dowam etdirýär

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Bileleşiginiň maslahatyna gatnaşmak üçin Eýrana giden Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Ismail Kahramanyň sapary dowam edýär.

Ismail Kahraman maslahatyň çäginde özara duşuşyklar geçirýär.

Kahraman ilki Kataryň Şura mejlisiniň başlygy Ahmed Bin Abdullah Bin Zaýed bilen duşuşdy.

Ismail Kahraman soň bolsa Mozambigiň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Antonio Amerilia we Senegalyň Mejlisiniň başlygy we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Bileleşiginiň Baş sekretarlygyna saýlanan Muhammed Kureýşi Niýas bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar