General Akar: : “Terror Guramasy ÝPG-niň Goldanmagyna we Ýaraglandyrylmagyna Ýol Bermeris”

Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Hulusi Akar terror guramasy PKK-nyň bir şahasydygy açyk deliller bilen tassyklanan terror guramasy ÝPG-niň goldanmagyna we ýaraglandyrylmagyna ýol bermejekdiklerini belledi

889539
General Akar: : “Terror Guramasy ÝPG-niň Goldanmagyna we Ýaraglandyrylmagyna Ýol Bermeris”

Hulusi Akar Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki NATO-nyň Harby komitediniň Baş ştablarynyň başlyklarynyň maslahatynyň açylyşynda çykyş etdi.

Akar: “PKK-nyň bir şahasydygy açyk deliller bilen tassyklanan terror guramasy ÝPG-niň goldanmagyna we ýaraglandyrylmagyna ýol bermeris. Bu ýalňyşdan iň gysga wagtda däniljekdigini umyt edýäris” diýdi.

Hulusi Akar agza ýurtlaryň Baş ştablarynyň başlyklaryna ýüzlenip eden çykyşynda: “Mesele NATO terrora garşy göreş bolan mahaly, terror guramalarynyň arasynda tapawut goýmaly däldir” diýdi.

Akar: “DAIŞ-e garşy göreş nähili derejede möhüm bolýan bolsa, PKK/PÝD/ÝPG, FETÖ/PÝD-e garşy göreş hem şol derejede möhüm bolmalydyr” diýdi.


Etiketkalar: #Hulusi Akar , #NATO , #PKK , #PÝD , #ÝPG , #Belgiýa

Degişli Habarlar