Hakkaride bir esger şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan serhediň Yrak tarapyndan guralan hüjümde 1 esger şehit boldy

887897
Hakkaride bir esger şehit boldy

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Güwen dagynda ýerleşýän serhet birikmesine aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan serhediň Yrak tarapyndaky Kulika dagyndan hüjüm guraldy.

Zenit raketasy bilen guralandygy çak edilýän hüjümde türk esger ýaralandy.

Ýaralanan esger dikuçar arkaly alynyp gidilen Hakkari döwlet hassahanasynda ähli edilen tagallalara garamazdan halas edilip bilnmedi we şehit boldy.

Sebitde terrorçylara garşy operasiýalar dowam edýär.


Etiketkalar: #PKK , #Yrak , #esger , #sebit , #dag , #Hakkari

Degişli Habarlar