Prezident Erdogan resmi sapar bilen Fransiýa gitdi

" Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitara we halkara parahatçylyk taýdan diýseň möhüm"

882275
Prezident Erdogan resmi sapar bilen Fransiýa gitdi

 

Prezident R. T. Erdogan Fransiýa saparynyň öňüsyrasynda Stambulda Atatürk adyndaky howa menzilinde metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sebitara we halkara parahatçylyk taýdan diýseň möhümdigini belledi.

Erdogan kärdeşi Makron bilen ykdysadyýet, söwda, goranyş senagaty, terrora garşy göreş ýaly iki ýurduň gün tertibinde esasy orun eýeleýän meseleler barada pikir alyşjakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan “Jenap Makron bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys. Giň gerimli we güýçli hyzmatdaşlyga laýyklykda bu sapara uly ähmiýet berýärin” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar