Prezident Erdogan resmi sapar bilen Fransiýa bardy

R.T.Erdogany Fransiýanyň Prezidenti Makron Aliza köşkünde resmi dabara bilen garşylady

882565
Prezident Erdogan resmi sapar bilen Fransiýa bardy

Liderler soň özara we toparara duşuşyklara geçdi.

Duşuşyklarda ykdysadyýet, söwda, goranyş senagaty, terrorçylyga garşy göreş ýaly iki ýurt üçin hem ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlyk şertleri seljeriler.

Duşuşykda Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar, Yrakdaky howpsyzlyk şertleri we terrorçylyga garşy göreş ýaly sebitleýin meselelere hem garalmagyna garaşylýar.

Erdogan we Makron günorta naharyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirerler.



Degişli Habarlar