“Täze ýylda Germaniýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyna garaşýarys”

Çawuşogly Germaniýanyň DPA habarlar gullugyna iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakynda beýanat berdi

879859
“Täze ýylda Germaniýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyna garaşýarys”

 

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly täze ýylda Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine garaşýandyklaryny nygtady we “Türkiýäniň Germaniýa bilen hiç hili kynçylygy ýok. Emma Germaniýanyň Türkiýe bilen kynçylygy bar” diýdi.

Çawuşogly Germaniýanyň DPA habarlar gullugyna iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakynda beýanat berdi.

Gatnaşyklaryň geçen ýylyň ilkinji üç çärýeginiň beýle öwerlik bolmandygyny emma gatnaşyklaryň soňky çarýekde kadalaşmaga başlandygyny aýdan Çawuşogly “Esasan Daşary işler ministri Sigmar Gabriel bilen ýygy-ýygydan aragatnaşyk saklaýarys. İki tarapyň hem gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna taýardygy dogrusynda pikir edýärin. 2018-nji ýylyň iki taraply gatnaşyklar taýdan düşümli bolmagyna garaşýaryn” diýdi.

Çawuşogly sözlerini şeýle dowam etdirdi:

“Türkiýäniň Germaniýa bilen hiç hili kynçylygy ýok. Emma Germaniýanyň Türkiýe bilen kynçylygy bar we Germaniýa Türkiýäni tankyt etmek üçin pursat gözleýär. Türkiýä we Erdogana garşy garalama kampaniýasy alnyp barylýar. Şeýle hereketler gatnaşyklara zeper ýetirýär”.

 



Degişli Habarlar