"Türkiýe Tunis bilen edýän hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýar"

Erdogan Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy göreşe berýän goldawlary üçin Tunisli ýolbaşçylara minnetdarlyk bildirdi

876916
"Türkiýe Tunis bilen edýän hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýar"

 

Prezident R. T. Erdogan Afrika ýurtlaryna guraýan resmi saparynyň soňky duralgasy bolan Tunise bardy.

Erdogan Prezident köşgünde Tunisiň Prezidenti Beži Kaid As Sibsi tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Prezident Erdogan bilen Tunisli kärdeş özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Erdogan bilen Sibsiniň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan şertnamalar bukjasyna gol çekişildi.

Prezident Erdogan bilelikdäki metbugat ýygnagynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ähli taraplaýyn ösdürmek isleýändiklerini aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň deňagramly ýagdaýda artdyrylmalydygy babatynda ylalaşyk gazanandyklaryny ýatladan Erdogan “Tunisiň asudalygy, durnuklylygy we ykdasady taýdan ösüşi biziň üçin diýseň möhüm. Tunisiň galkynmagy Türkiýäniň galkynmagy diýmekdir. İşewür adamlarymyzy Tunisde maýa goýmaklary üçin höweslendirýäris” diýdi.

Türkiýäniň Tunisiň terrora garşy alyp barýan göreşine doly goldaw berýändigini we goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtan Erdogan, Türkiýäniň Tunis bilen edýän hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýardygyny aýtdy.

Erdogan Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy göreşe berýän goldawlary üçin Tunisli ýolbaşçylara minnetdarlyk bildirdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasynyň arasynda musulman ýurduň ýokdygyna ünsi çeken Erdogan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň düzüminiň üýtgedilmelidigini nygtady.

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyna garşy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kabul eden taryhy Iýerusalime goldaw kararyna ünsi çekdi “Palestinanyň garaşsyz döwlet hökmünde dünýä derejesinde ylrar edilmegi üçin birlikde tagalla ederis” diýdi.



Degişli Habarlar