Türkiýe guraklyk sebäpli Somalide 9 müň adama azyk kömegini berdi

Guraklykdan gaçmak üçin goňşy ýurtlara göçen bosgunlar açlyk howpuny başdan geçirýär

876212
Türkiýe guraklyk sebäpli Somalide 9 müň adama azyk kömegini berdi

Adam hukuklary we azatlyklary atly ynsanperwer kömek gaznasy Somalide guraklyk sebäpli paýtagt Mogadişua göçen 9 müň adama azyk kömegini berdi.

Gazna tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, üstümizdäki ýylyň başynda Somalide başlan guraklyk gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýär.

Guraklykdan gaçmak üçin goňşy ýurtlara göçen bosgunlar açlyk howpuny başdan geçirýär.

Adam hukuklary we azatlyklary atly ynsanperwer kömek gaznasy hem guraklygyň başlan gününden bäri Somalä kömek bermäge dowam edýär.

 

 

 



Degişli Habarlar