Erdogan Germaniýanyň we Palestinanyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan BMG-da ABŞ-nyň Iýerusalim hakyndaky kararyna garşy Iýerusalime goldaw berýän kararyň kabul edilmegine hoşallyk bildirildi

874178
Erdogan Germaniýanyň we Palestinanyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan Iýerusalim meselesinde Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmeier we Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliklerinde BMG-nyň Baş Assambleýasynda ABŞ-nyň Iýerusalim hakyndaky kararyna garşy Iýerusalime goldaw berýän kararyň kabul edilmegine hoşallyk bildirildi.

Nemes kärdeşine karara beren goldawlary üçin sag bolsun aýdan Prezident Erdogan, sese goýulşykda ÝB-ne agza ýurtlaryň alyp baran oňyn tutumyndan hoşaldyklaryny nygtady

Erdogan bilen Şteinmeier telefon söhbetdeşliginde şeýle hem iki taraply gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin tagalla edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan bilen Palestinanyň Döwlet baştutany Abbas ABŞ-nyň Iýerusalim hakyndaky ýalňyş tutumyna dünýä ýurtlarynyň beren jogabyndan hoşaldyklaryny belledi we öňümizdäki etapda Palestina döwletiniň halkara derejesinde kabul edilmegi üçin birlikde tagalla etmek babatynda ylalaşyk gazandy.



Degişli Habarlar