Erdogan Bütindünýä Bosgunlar güni bilen bagly programada çykyş etdi

Erdogan Bütindünýä Bosgunlar güni bilen bagly Ankarada geçirilen Anadoly Dünýä doly atly programada söz sözledi

870961
Erdogan Bütindünýä Bosgunlar güni bilen bagly programada çykyş etdi

Günbatar ýurtlarynyň bosgunlara bolan çemeleşmesini tankyt eden Erdogan: "Günbatar bir adamyň ölümini tragediýa, 1 million adamyň ölümini bolsa hasabat hökmünde görýän düşünjä eýe. Olar üçin Siriýada 1 million adamyň ölmegi hiç bir zady aňlatmaýar. II Dünýä söweşiniň 60 milliondan gowrak adamyň ýogalmagy bilen netijelendigine garamazdan Günbatar şol bir ýalňyşyny ýaňadandan gaýtalaýar" diýdi. 

Ýewropa ýurtlarynyň başyndaky rasist partiýalaryň bu geografiýanyň gelejekdäki pajygasynyň habarçysydygyny aýdan Erdogan: "Bosgunlaryň pullaryny, gymmat bahaly zatlaryny, hat-da çagalaryny alan bir medeniýetiň adamzada sözlejek sözüniň galmandygyny görkezýär" diýdi. 

Erdogan: "Ýewropaly käbir ministrleriň bosgunlary göz öňünde tutyp: Ählisini deňize zyňmaly, gark bolup ýogalsalar hem azarymyza däl diýip bilýän bolsa ol ýerde adamzat gymmatlyklarynyň ölendiginiň görkezijisidir" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #Günbatar , #bosgun , #Ankara

Degişli Habarlar