Gresiýa Erdoganyň saparyndan hoşal

Gresiýanyň Daşary işler ministri Prezident Erdoganyň ýurduna guran resmi saparyndan  hoşaldyklaryny aýtdy

867886
Gresiýa Erdoganyň saparyndan hoşal

 

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Koçias Prezident R. T. Erdoganyň dekabr aýynyň 7-8-i aralygynda ýurduna guran resmi saparyndan  hoşaldyklaryny aýtdy.

Koçias Ermenistanyň Daşary işler ministri Edward Nalbandýan bilen Afinida bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Beýanatynda Prezident Erdoganyň Gresiýa guran sapary hakynda durup geçen Koçias “Sapar netijeli geçdi, täze gepleşikleriň geçirilmegi we saparlaryň amala aşyrylmagy üçin amatly şert döretdi” diýdi.

Koçias “Prezident Erdogan Gresiýanyň Prezidenti we Premýer ministri Çipras bilen içgin gepleşikler geçirdi” diýdi

Koçias Gresiýanyň Bosgunlar ministri Ýannis Mouzalasyň hem 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýä sapar guramagynyň meýilleşdirilýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar