Erdogan: “Iýerusalimiň eýesiz däldigini bütin dünýä görkezdik”

Prezident R.T.Erdogan Iýerusalimiň eýesiz däldigini bütin dünýä görkezendiklerini aýtdy

868004
Erdogan: “Iýerusalimiň eýesiz däldigini bütin dünýä görkezdik”

Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Stambul şäherinde geçirilen nobatdan daşary maslahatyndan soň Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas we YHG-nyň Baş Sekretary Ýusuf Bin Ahmed Al Useýmin bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Erdogan metbugat ýygnagynda: “Bu taryhy maslahat bilen biz ýene-de bir gezek Iýerusalimiň eýesiz däldigini bütin dünýä görkezendigimize ynanýaryn” diýdi.

Erdogan: “Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar eden ABŞ-nyň indi Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda töwellaçylyk etmegi mümkin bolmaz. Bu tapgyr indi gutardy” diýdi.

“YHG-nyň döwlet we hökümet ýolbaşçylary maslahatda eýelän pozisiýasyny dowam etdirmeli” diýen Erdogan: “Bu meseledäki pozisiýasymyzy “İýerusalim biziň üýtgewsiz şertimiz” görnüşinde yglan etdik. Amerikan höklümeti ähli garşylyklara, duýduryşlara garamazdan İýerusalim barada bikanun, ahlaga sygmaýan, düşünjesiz beýannama berdi. Kararyň wyždanyň, hukugyň, taryhyň öňünde hiç hili hökmüniň bolmandygyny beýan edip gelýäris. Ýagny ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň yglan eden kararynyň biziň üçin haýsydyr bir manysy ýok” diýdi.

Prezident Erdogan: “YHG-nyň şu günki maslahaty Amerikan hökümetiniň eden proaktiw başlangyjynyň howpyny görkezmegi taýdan taryhy ýüzlen” diýdi.

Erdogan çykypşynda: “Ysraýyl terroryna garşy durýan zenan, çaga, garry, ýaş ähli palestinalylara ýalkymly salam” diýdi.

 



Degişli Habarlar