"Siriýa meselesinde Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam ederis"

Iki lider bir sagada golaý dowam eden özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi

866220
"Siriýa meselesinde Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam ederis"

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2017-nji ýyldaky 8-nji duşuşygyny paýtagt Ankarada geçirdi.

Iki lider bir sagada golaý dowam eden özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Bilelikdäki metbugat ýygnagynda ilki söz alan Prezident Erdogan Putini ýene-de bir gezek Türkiýede myhman almakdan hoşaldyklaryny belledi.

Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň ähli taraplaýyn ösýändigini aýdan Prezident Erdogan syýasy gatnaşyklaryň söwda,  energetika we syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirýändigini nygtady.

Russiýa bilen edilýän söwda mukdarynyň üstümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe 30 göterim artandygyny ýatladan Prezident Erdogan Akguýu ýadro desgasy bilen birlikde energetika pudagynda durmuşa geçirilýän beýlekşi taslamalaryň ähmiýeti barada durup geçdi.

Putin bilen sebitara meseleler hakynda hem pikir alyşandyklaryny aýdan  Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararynyň bütin dünýäde  musulmanlaryň, hristiýanlaryň we parasatly ýehudileriň arzuw hyýallaryny puja çykarandygyny belledi.

Kararyň beýan edilen güni bolan 6-njy dekabrdan bäri Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň 4 palestinalyny şehit edendigini we 2 müňe golaý adamy hem ýaralandygyny ýatladan Erdogani Iýerusalim meselesinde Putin bilen şol bir garaýşa eýediklerini nygtady.

Myhman Prezident Putin bilen Siriýadaky soňky ýagdaý barada pikir alyşandyklaryny aýdan Erdogan Astana etabynyň hemaýatkär ýurtlary hökmünde Russiýanyň Soçi şäherinde 22-nji noýabrda geçirlen maslahat ýaly ýene-de bir maslahatyň geçirlip bilinjekdigini belledi.

Erdogan Russiýadan S-400 roketa goranyş ulgamyny satyn alynmagy meselesindäki işleriň hepdäniň dowamynda netijelenjekdigini ýatlatdy.

Myhman Prezident Putin bolsa Siriýa meselesinde Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi we Siriýanyň territoriýasynyň bir böleginiň terrorçylardan saplanandygyny belledi.

Putin Türkiýä gelmezinden öň Siriýada saparda bolandygyny we Siriýanyň Prezidenti Başar Asad bilen syýasy geçiş etaby üçin geçirilmegi meýilleşdirilýän Siriýa Milli dialog kongresi hakynda pikir alyşandygyny ýatlatdy.

Siriýa meselesiniň çözülmegi üçin Erdoganyň edýän tagallasyny takdyr edýändigini aýdan Putin İýerusalim meselesinde bolsa  parahatçylyk etabyny bökdeýän karary sebäpbili Amerikan hökümetini tankyt etdi.

Rus lideri Putin Iýerusalimi statusy meselesiniň diňe Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda geçiriljek gepleşikler arkaly çözülip bilinjekdigini ýatlatdy.

Garaşylmadyk ýagdaýda Siriýa baran Putin Latakiýa şäherinde rus esgerlerinin tapgyrlaýyn ýagdaýda Siriýadan çekilmegi üçin görkezme beripdi.

Rus esgerleri Siriýa 2015-nji ýylda ornaşdyrlypdy.



Degişli Habarlar