Prezident Erdogan Iýerusalim meselesinde telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

863803
Prezident Erdogan Iýerusalim meselesinde telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

 

Prezident Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Iyerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ysraýylyň 1980-njy ýylda Iyerusalimi basyp alan kararynyň halkara jemgyýetçiligi we BMG tarapyndan ret edilendigine ünsi çeken Prezident Erdogan, Amerikan hökümetiniň soňky kararynyň sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini nygtady.

Russiýanyň Prezidenti Putin hem Erdoganyň garaýşyna goldaw berýändigini we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi derejesinde mesele bilen ýakyndan gyzyklanjakdyklaryny nygtady.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde şeýle hem aktual sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar