Türkiýe amerikaly resmilere duýduryş berdi

Türkiýe aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG bilen edilýän 1 sagatlyk hyzmatdaşlygyň hem örän zyýanlydygyny amerikaly resmilere duýdurdy

859004
Türkiýe amerikaly resmilere duýduryş berdi

Daşary işler ministrligi alynan maglumata görä ABŞ hökümetiniň PÝD/ÝPG babatyndaky pozisiýasyny tankyt etdi.

ABŞ-nyň utgaşykly hereket etmeýändigi, ozalky hökümet zamanynda birnäçe mesele babatynda özlerine söz berilendigi emmä, sözleriň arkasynda durulmandygy aýdylýan Daşary işler ministrliginiň çeşmesinde wagtlaýyn hyzmatdaşlyk babatynda berilen jogapdan kanagatlanylmandygy, PÝD/ÝPG bilen edilýän 1 sagatlyk hyzmatdaşlygyň hem örän zyýanlydygy barada amerikaly resmilere duýduryş berilýär.

Berilen çeşmede mundan başgada: “PÝD/ÝPG berilýän ýaraglar babatynda maglumat paýlanşygy bolýar, emma ol paýlanşyk has takyk bolmaly. Mesele bu ýarag kömeginiň bize garşy howp hökmünde gaýdyp gelmegidir. Bu wagtlaýyn hyzmatdaşlygyň haçan tamamlanjakdygy bize aýdylýan anyk bir wagt ýok. ABŞ sebite iberilýän ýükleriň belli bir böleginiň PÝD/ÝPG-e berilýändigini, esasy böleginiň bolsa ol ýerdäki amerikan harby bölümlerine iberilýändigini aýdýar” diýilýär.

Daşary işler ministrliginiň çeşmeleri mundan başgada Russiýada geçiriljek Milli dialog kongresiniň senenamasynyň entek doly ýagdaýda kesgitlenmändigi, siriýaly kürtleriň hukuky garaýyşlaryny orta atyp biljekleriň bu kongrese gatnaşyp biljekdigini, emma ÝPG/PÝD bilen arabaglanşygy bolan terror guramalarynyň gatnaşmajakdygyny belledi.  

Berilen meglumatda: “Siriýada kürtler elbetde bolmaly, emma terror guramalary bolmaly däl. Täze Siriýada Asadayň hem goly bolmaly däl” diýdi.ý



Degişli Habarlar