Erdogan Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan bilen Merkel iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we Siriýa meselesi bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy

858886
Erdogan Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Merkel telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we Siriýa meselesi bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Angela Merkele Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň lideriniň gatnaşmagynda 22-nji noýabrda Soçide geçirlen üçtaraplaryn maslahat hakynda maglumat berdi.

Bosgunlar meselesine hem garalan telefon söhbetdeşliginde Merkel Siriýaly bosgunlar barada ÝB tarapyndan Türkiýä beriljek kömekleriň depgininiň güýçlendirilmegi üçin tagalla etjekdigini nygtady.

Terror guramasy PKK-a garşy göreşiň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy göreşde hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çeken Erdogan bilen Merkeliň Germaniýada täze hökümetiň gurulmagyndan soň iki taraply ýokary derejeli saparlaryň guralmagy meselesinde ylalaşyk gazanandygy ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar