MHG-niň ýylyň soňky nobatdaky mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi

3,5 sagat dowam eden mejlisden soň çap edilen beýannamada Siriýanyň Afrin etrabyna operasiýa guraljakdygy duýdurylýar

857143
MHG-niň ýylyň soňky nobatdaky mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi

Beýannamada: “Türk ýaragly güýçleriniň “İdlibdäki dartgynlygy azaldyjy zolakda “synçylyk missiýasyny” üstünlikli dowam etdirýändigi; şol missiýanyň Günbatar Halap bilen Afriniň töweklerinde-de berjaý edilmegi netijesinde asudalygyň we ynam şertleriniň üpjün ediljekdigi kesgitlendi” diýilýär.

MHG-niň beýannamasynda: “Terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-niň Siriýanyň gadymy demografik gurluşyny gizlin etniki saplaýyş arkaly bozmagynyň we ýer eýelemek ugrundaky tagallalarynyň halkara hukugyna hem-de adam hukuklaryna bap gelmeýändigi, şol jähtden kabul edilmejekdigi; Türkiýäniň öz howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen esasanda serhet ýakasynda degişli çäreleri görmäge dowam etjekdigi ýene-de bir gezek nygtaldy” diýilýär.

Şeýlede beýannamada: “Norwegiýada geçirilen “Trident Žawelin 2017” atly NATO türgenleşiginde Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gahryman M.K.Atatürk bilen türk milletiniň we döwletiniň wekili Prezident R.T.Erdogana duşmanlarça çemeleşmäniň we beýanlaryň gekşiksizdigi ýene-de bir gezek nygtaldy” diýilýär we mesele boýunça derňew işiniň giňeldilmegine garaşylýandygy nygtalýar.

Rohingiýaly musulmanlara ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi, öýlerine we watanlaryna dolanmaklary üçin halkara jemgyýetçiligine edilen çagyryşlara üns çekilýän beýannamada: “Bu mesele boýunça soňky günlerde bolup geçýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanylýandygy, ýurdumyzyň ynsanperwerlik synagyna öwrülen pajyganyň bes edilmegi üçin öz borçlaryny berjaý etmäge dowam etjekdigi beýan edildi” diýilýär.



Degişli Habarlar