Erdogan: “Tramp bilen ýene bir gezek söhbetdeş bolup biljekdigini aýtdy”

Prezident R.T.Erdogan ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp bilen anna güni telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny, şu hepde ýene-de bir gezek telefon söhbetdeşligini geçirip biljekdigini aýtdy

856805
Erdogan: “Tramp bilen ýene bir gezek söhbetdeş bolup biljekdigini aýtdy”

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T.Erdogan partiýasynň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Erdogan anna güni geçirilen telefon söhbetdeşliginde ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-ä ýarag kömegini berip, ýalňyşlyk edendiklerini boýun alan Tramp bilen şu hepdäniň dowamynda ýene-de bir gezek söhbetdeşlik geçirip biljekdigini aýtdy.

Erdogan: “ABŞ-nyň Prezidenti hormatly Tramp bilen geçiren söhbetdeşligimiz uzak wagtdan bäri ilkinji gezek ABŞ-Türkiýe gatnaşyklarynda netijeli geçen söhbetdeşlik boldy. Tramp bilen ÝPG-den Fetullahçy terror guramasyna çenli köp sanly mesele barada söhbetdeşligimizi golaýda dowam etdireris” diýdi.

22-nji noýabrda Russiýanyň Soçi şäherinde Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň liderler derejesindäki gatnaşmagynda innän möhüm üç taraplaýyn maslahatyň geçirilendigini beýan eden Erdogan: “Maslahatda sebitimizde başdan geçirilýän wakalar barada möhüm geňeşmeler geçirdik. Möhüm kararlary kabul etdik. üç ýurduň ylalaşmagy maslahatyň esasy netijelerinden biri. Siriýanyň durnuklylygy üçin işleşmäge dowam ederis” diýdi.

Geçen hepde elektrik beketlerini açandyklaryny aýdan Erdogan, Türkiýäniň gaýtadan işlenip bilinýän energiýa serişdelerinden elektrik öndürmekde 32 göterimlik paý bilen Germaniýa, Fransiýa, Hytaý, Russiýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlardan öňe geçendigini aýtdy.

Käbir töwerekleriň jemgyýetiň bäbir gatlaklaryna meçew bermäge synanşýandygyny nygtan Erdogan, taryhda 1-nji Jahan urşunyň dowamynda Ýakyn Gündogar ýurtlarynda pitne turuzyp, jemgyýetlere meçew beren iňlis içalysy Lawrense ünsi çekip, şeýle oýunlaryň gaýtalanmak islenýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar