Erdogan: “Tehnologiýadan dünyäniň eşretli geljegi üçin peýdalanmaly"

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan tehnologiýadan dünyäniň eşretli geljegi üçin peýdalanylmalydygyny aýtdy

855867
Erdogan: “Tehnologiýadan dünyäniň eşretli geljegi üçin peýdalanmaly"

Erdogan Stambulda Ýaşyl ýarymaý jemgyýetiniň IV Tehnologiýa garaşlylygy kongresine gatnaşyp çykyş etdi.

Çykyşynda: “Biziň ylymyň we bilimiň gözbaşy bilen hiç hili meselämiz ýok” diýen Erdogan: “Şol nukdaýnazardan biz döwrebap söz bilen aýdylanda tehnofobiýa adamlary däl. Biz tehnologik we ylmy ösüşiň nirede başlandygyny, näme üçin ulanylýandygyny, näme sebäpli ulanylýandygyny, adamlaryň durmuşy bilen näme arabaglanşygynyň bardygyna serederis” diýdi.

Dostlukly we içgin söhbetdeşlik gurşawynyň ýerine indi sosial mediýa jedelleşikleriň geçendigini aýdan Erdogan tehnologiýanyň adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmegiň ýerine, adamlary durmuşlaryndan goparýandygyny belledi.

Mundan 4 asyr ozal halk şahyry Göroglynyň: “Tüpeň oýlanyp tapyldy, mertlik bozuldy” diýen sözüne salgylanan Erdogan: “Biz bolsa şu günki günde döwrebap tehnologiýanyň önümleri bolan köpçülikleýin ýaraglar ýüze çykdy, adamzat bitdi diýýäris” diýip belledi.  

Erdogan: “Şübhesiz her oýlap tapylan zadyň arkasynda, oňa ylham berýän aň we düşünje bardyr. Musulmanlaryň atom bombasynyň, ýadro ýaraglarynyň ýoklugynyň arkasynda yza galaklyk ýokdyr. Bular ýaly tehnlogiýa ähli zatdan ozal musulmanlaryň aň-düşünjesine, durmuşyna, adamzada we tebigata ters gelýär” diýdi.



Degişli Habarlar