Erdogan Al Sani we Borisow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident R.T.Erdogan Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamed Al Sani we Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

855416

Prezidentiň diwanyndan alynan maglumata görä Erdogan Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamed Al Sani bilen söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Soçi maslahatynyň çäginde Siriýada meselesinde ýetilen soňky sepgit we beýleki segitleýin meseleler barada pikir alyşdy.

Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde bolsa Bolgariýanyň ÝB-niň döwürleýin başlyklygy we Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk tapgyrynyň depgininiň güýçlendirilmegi barada pikir alyşylandygy habar berildi.

Liderleriň Stambulyň Balat etrabyndaky Demir buthananyň 2018-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda ýaňadandan açylmagy mynasybetli guraljak dabara gatnaşmak barada ylalaşandyklary mälim edildi.

Degişli Habarlar