Şu gün 24-nji noýabr mugallymlar güni…

Prezident R.T.Erdogan mugallymlar güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde mugallymlara laýyk bolan sarpany goýmaýan jemgyýetleriň geljeginiň ýokdugyna ünsi çekdi

854356
Şu gün 24-nji noýabr mugallymlar güni…

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde mugallymlaryň ylym we bilim ulgamynyň gözbaşy we geljegiň binagärleri bolandygyny aýtdy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem çap eden ýüzlenmesinde mugallymlaryň ahlakly nesil we jemgyýet, abadan Türkiýe ugrunda işleýändigini aýtdy.

Ýyldyrym ýüzlenmesinde: “Mugallymlarymyz tapawutly garaýyşlara elmydama sarpa goýhan, doly demokratiýa içginlik bilen eýe çykýan nesilleri ýetişdirip, ýurdumyzyň galkynyşynda öňbaşçylyk ederler” diýdi.

Beýleki tarapdan Premýer ministr 81 welaýatdan gelen mugallymlary Çankaýa köşkünde kabul etdi.

İş başyna gelen pursatlaryndan başlap bilimi ileri tutulýan esasy ugurlaryň birine öwürendiklerini we şonuň üçin bilimiň býujetine birinji orny berendiklerini aýdan Ýyldyrym, 2003-nji ýylda 11 milliard lira barabar bolan býujetiň 134,7 milliard lira ýetendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar