Erdogan Gresiýa resmi sapar gurar

Wise-premýer Hakan Çawuşogly Prezident R.T.Erdoganyň 65 ýyl soň Gresiýa sapar gurajak ilkinji türk prezidenti boljakdygyny aýtdy

853376
Erdogan Gresiýa resmi sapar gurar

Çawuşogly golaýda guraljak saparyň mundan ozalkylary tamamlaýyjy häsýetde boljakdygyny nygtap: “Üç sany konkret taslama bar. Şolaryň birinjisi İzmirden Salonige ýolagçy we ýük gatnawy üçin gämi saparlary, ikinjisi Stambuldan Salonige tizligi ýokarlandyrylan otly ýolunyň çekilmegi, üçünjisi bolsa Kipi we İpsala gümrük geçelgelerine köpri gurmak” diýdi.

Çawuşogly Prezident Erdoganyň Gresiýa gurajak saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürjekdigini aýtdy.

Üstünizdäki aýyň dowamynda öz doglan ýeri bolan Gümüljinä sapar gurandygyny ýatladan Çawuşogly, saparyň çäginde Afynyda we Günbatar Frakiýada gepleşikler geçirendigini mälim etdi.

“Gresiýanyň we Türkiýäniň goňşulygyny üýtgedip bilmeris” diýen Çawuşogly, goňşuçylyk gatnaşyklary we hukuky kadalara laýyklykda iki ýurduň güýçlenmegine, halklaryň abadançylygynyň we ýaşaýyş durmuşynyň gowulanmagyna goşant goşujy gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny nygtady.

Fewral aýynda Salonikde Ýokary derejeli Strategik hyzmatdaşlyk maslahatynyň geçiriljekdigini aýdan Çawuşogly, iş ýüzüne geçiriljek taslamalar barada-da maglumat berdi.



Degişli Habarlar