“Türkiýe Yragyň halkynyň ähli islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin işe girişdi”

Türkiýe yragyň halkyna goldaw bermäge dowam eder

846036
“Türkiýe Yragyň halkynyň ähli islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin işe girişdi”

 

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Yrakda bolan ýer titremesinden soň beren ýazmaça beýanatynda Türkiýäniň Yragyň demirgazygynda bolan ýer titremesinde adam pidalarynyň bolmagyna uly gynanç bildirýändigini we yrakly doganlaryna goldaw bermek üçin işe girişendigini nygtady.

Premýer ministr Ýyldyrym “Türkiýe Yragyň halkynyň ähli islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin işe girişdi” diýdi.

Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdag bolsa Türkiýäiň gözleg we halas ediş işleri,  ýer titremesinde ýaralananlaryň bejerilmegi we ynsanperwer kömek üçin gyssagly işe girişendigini ýatlatdy.

Wise-premýer Bozdag ýer titremesinde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna we yragyň halkyna uly gynanç bildirdi we ýaralananlara şypa diledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Türkiýäniň ýer titremesinde ejer çeklenlere goldaw bermäge taýardygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar