Prezident Erdoganyň Russiýany we Pars aýlag ýurtlaryny öz içine alýan sapary şu gün başlaýar

Erdogan ilki Russiýanyň Soçi şäherinde rus lideri Wladimir Putin bilen duşuşar

846243
Prezident Erdoganyň Russiýany we Pars aýlag ýurtlaryny öz içine alýan sapary şu gün başlaýar

 

Prezident R. T. Erdogan şu gün Russiýanyň Soçi şäherinde rus lideri Wladimir Putin bilen duşuşar.

Duşuşykda Siriýa, terrora garşy göreş we S-400 howadan goranyş ulgamy meselesi seljerler.

Russiýadan soň Kuweýde barjak Prezident Erdogan Kuweýdiň Emiri Sabah Al Ahmed Al Jabir Al Sabah bilen duşuşar.

Prezident Erdoganyň soňky duralgasy bolsa Katar bolar.

Erdogan Katarda Türkiýe-Katar Ýokary derejeli strategik komitetiniň üçünji maslahatyna gatnaşar.

Saparyň çäginde 5-nji iýunda başlan Pars aýlag krizisi meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

 



Degişli Habarlar