Çawuşogly: “Türkiýe ynsanperwer kömek boýunça dünýäde ikinji orunda”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň ynsanperwer kömek boýunça dünýäde ikinji orundadygyny belledi

841384
Çawuşogly: “Türkiýe ynsanperwer kömek boýunça dünýäde ikinji orunda”

Çawuşogly Antalýada geçirilen Halkara Gyzyl Ýarymaý-Gyzyl Haç jemgyýetleri federasiýasynyň geňeşiniň gala naharynda Türkiýäniň 2016-njy ýylda ynsanperwer kömek mukdarynyň 6 milliard dollara barabar bolandygyny nygtap: “Ýurdumyza sygynan 3 million 200 müň siriýala hiç kim ýardam elini uzatmasada, biz olara eýe çykarys” diýdi.

Gala naharyna Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen birlikde Türkiýäniň Ýarym Gyzylaý jemgyýetiniň başlygy Kerem Kynyk, Halkara Gyzyl Haç we Ýarym Gyzylaý jemgyýetleri federasiýasynyň başlygy Tadateru Konoe we Antalýanyň gubernatory Münir Karalogly dagylar gatnaşdylar.



Degişli Habarlar