Türkiýe Gresiýa we Müsüre duýduryş berdi

Türkiýe ähli harby çäreleriň geçirilmegi gadagan bolan Rodos adasynda amfibiýa hüjüm türgenleşigini geçirýändigi öwrenilen Gresiýa we Müsüre duýduryş berdi

839779
Türkiýe Gresiýa we Müsüre duýduryş berdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada harby edaralardan alynan maglumatlara görä Gresiýa bilen Müsüriň 30-njy oktýabr-4-nji noýabr aralygynda Rodos adasynda bilelikdäki amfibiýa hüjüm türgenleşiginiň geçirilýändigi öwrenildi. 1947-nji ýylda kabul edilen Pariž Ýaraşyk ylalaşygyna laýyklykda ýaragsyzlandyrylyp, İtaliýa tarapyndan Gresiýa berilen Rodos adasynda ähli harby çäreleriň gadagan edilendigi ýatladyldy.

Beýannamada Rodosda amala aşyrylýan harby türgenleşik bilen halkara hukugynyň basgylanýandygy nygtalyp: “Şol türgenleşik baradaky duýduryşymyz Gresiýanyň Ankara şäherinde ýerleşýän İlçihanasyna berildi we Egeýde dartgynlyga sebäp boljak bir taraply hereketlerden çetde durmagyň möhümdigi ýatladyldy. Şol çäkde goňşymyz Gresiýanyň halkara hukugyna bap gelmeýän we duşmançylykly çemeleşmelerden çetde durmagyna garaşýarys hem-de üçünji taraplary Gresiýanyň şeýle düzgün bozmalaryna şärik bolmazlyga çagyrýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar