Prezident Erdogan Baku-Tiblisi Kars demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan Baku-Tiblisi Kars demir ýolunyň açylyş dabarasynda çykyş etdi

837107
Prezident Erdogan Baku-Tiblisi Kars demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Resmi sapar bilen Azerbaýjana giden Prezident Erdogan paýtagt Bakudaky Haýdar Aliýew howa menzilinde Azerbaýjanyň Wise-premýeri Ýagub Eýýubow, Azerbaýjanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hazar İbrahim, Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkan Özoral bilen ilçihananyň işgärleri garşylady.

Prezident Erdogan aýaly Emine Erdogan, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak, Milli bilim ministri İsmet Ýylmaz, Milli Goranmak ministri Nurettin Janiki we Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan bilen Bakuwa gitdi.

Erdogan ilki Baku-Tiblisi Kars demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde “Tutanýerliligimiziň eseri bolan taslama uly zähmet çekilmegi we maňlaý deri bilen durmuşa geçirlendigi üçin diýseň möhüm” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan Baku-Tiblisi-Kars demir ýolunyň ykdysady taýdan goşýan goşandy bilen birlikde syýasy taýdan hem sebitiň parahatçylygynda, durnuklylygynda we howpsyzlygynda uly rol oýnajakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Baku-Tiblisi-Kars demir ýolunyň 1 million ýolagçy gatnatmak we 6,5 million tonna ýük daşamak mümkinçiligine eýedigine ünsi çekdi

Erdogan agşam naharynda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Gazagystanyň Premýer ministri Bakytjan Sagintaýew, Özbegistanyň Premýer ministri Abdullah Aripow we Gürjistanyň Premýer ministri Giorgi Kwirikaşwili bilen duşuşar.

 



Degişli Habarlar