Wanda 1 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy

Wanyň Başkale etrabynda ekstremist terror guramasy PKK terrorçylary bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çakynyşykda 1 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy

832059
Wanda 1 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy

Gubernatorlykdan berilen beýannamada etrabyň Esenýamaç etrabynyň çetki obalarynda Welaýat Žandarm serkerdeli tarapyndan alynyp barylýan operasiýanyň dowamynda terrorçy bilen bolan çaknyşykda bir esgeriň şehit bolandygy, 2 esgeriň ýeňil ýaralanandygy mälim edildi.

Beýannamada çaknyşygyň dowamynda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi nygtalýar.

Sebitde halkyň asudalygyny we howpsyzlygyny üpjün etmek üçin terrorçylyga garşy göreşiň egilşiksiz dowam edýändigi barada aýdylýan beýannamada: “Operaiýada kanas kysymly synaýper tüpeňi, AK-47 pyýada tüpeňi. Sapanja, 3 sany granat, kompýuter, öýjükli telefon, fotoapparat, mobil akkumiliator we karta ele salyndy” diýilýär.



Degişli Habarlar