Ýyldyrym: “Ýerli kompýuter meýilleşdirişler bilen kiber hümlerine garşy mümkinçilikler artdy”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym “10-njy Maglumat howpsyzlygy we kriptologiýa maslahatyna” gatnaşdy

831133
Ýyldyrym: “Ýerli kompýuter meýilleşdirişler bilen kiber hümlerine garşy mümkinçilikler artdy”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ankarada Maglumat tehnologiýalary we Aragatnaşyk guramasynda geçirilen “10-njy Maglumat howpsyzlygy we kriptologiýa maslahatyna” gatnaşdy

Ýyldyrym maslahatda sözlän sözünde: “Hökümetimiziň Prezidentimiziň liderliğinde esasy maksady kiber howpsyzlygy milli howpsyzlyga utgaşdyrmak. Onuň ýoly bolsa howplary öňünde kesgitlemek we ortadan aýyrmak. Degişli başlangyçlar edildi. Hüjüme garşy goranyş taýdan uly şert döretdik” diýdi.

Türkiýäniň geljek üçin hünärmen taýarlamagyň we ýetmezçilikleri düzetmegiň möhümdigini nygtan Ýyldyrym, kiber jenaýatlara garşy has netijeli göreşmek üçin data analiz bazasynyň dörediljekdigini aýtdy.

Türkiýede gowy kod ýazýan  hünärmen inženerleriň bardygyny aýdan Ýyldyrym: “Ýerli kompýuter meýilleşdiriş şertleri artdyrylmaly. Başgasynyň aňy bilen öndürilen önümlere ynanmak geljekde bizi çäresiz goýar. Eger şeýle bolsa öz aňymyz bilen öndüriljek önümler üçin has köp serişde goýberilmeli. Tehnologiýada ýerli önümleriň öndürilmegi üçin has güýçli tagalla ederis” diýdi.



Degişli Habarlar