Türkiýe Owganystandaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Hüjüm guralan mahaly harby bazada 60 esgeriň bolandygy mälim edildi

830351
Türkiýe Owganystandaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

 

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: “Guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys, hüjümde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna Alladan rehnet, Owganystanyň hökümetine we doganlyk owgan halkyna gynanç, şikes ýetenleriň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg edýäris” diýildi.

Owganystanyň Kandagar şäherindäki harby bazalaryň birinde bomba ýüklenen iki ulag bilen guralan kamikaze hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 43 esger ýogaldy, 9 esger bolsa ýaralandy.

10 hüjümçiniň öldürilen hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Taliban öz üstüne aldy.

Etrapdaky howpsyzlyk gullugynyň resmisi hüjümden soň bazanyň Talibanyň gözegçiligi astyna geçendigini, guralan howa hüjüminden soň bazanyň yzyna basylyp alynandygyny habar beripdi.

Hüjüm guralan mahaly harby bazada 60 esgeriň bolandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar