Türkiýe Awstriýada “ýolagçylaryň barlanmagyna” nägilelik bildirdi

Türk howaýollarynyň ýolagçylarynyň Wenanyň Şwehat howa menzilinde polis itleri bilen barlanmagyna garşylyk görkezildi

830729
Türkiýe Awstriýada “ýolagçylaryň barlanmagyna” nägilelik bildirdi

Daşary işler ministrligi Türk howaýollarynyň ýolagçylarynyň Wenanyň Şwehat howa menzilinde polis itleri bilen barlanmagyna garşylyk görkezdi

Ministrlikden berilen ýazmaça beýannamada Wenanyň Şwehat howa menzilinde gümrük gullukçylaryndan biriniň Türk howaýollarynyň uçara münmek üçin garaşýan ýolagçylarynyň goşlaryny we özlerini polis iti bilen barlaýandygyny görkezýän wideo-ýazgynyň sosial mediada görülýändigi nygtalýar.

Şondan soň Türkiýäniň Wenadaky Başkonsullygynyň işgärleriniň howa menziline baryp, mesele bilen gyzyklanandygy barada aýdylýan beýannamada: “Şeýle barlaglaryň berilen habarlar we seýrek görnüşde ähli howaýollaryny öz içine alýan görnüşde geçirilýändigi öwrenildi. Wenadaky İlçihanamyz tarapyndan Awstriýanyň Daşary işler ministrligi bilen gepleşik geçirilip, wideo-ýazgylardaky gelşiksiz barlaglara üns çekildi we Awstriýanyň degişli edaralaryna, hususanda gümrük gorag gullukçylaryna duýduryş berilmegi talap edildi” diýilýär.

Beýannamada Awstriýanyň degişli edaralarynyň şeýle barlaglarda has ünsli çemeleşjekdiklerini kepillendirendikleri hem nygtalýar.

 



Degişli Habarlar