"Terrora garşy göreşiň halkara derejesinde alnyp barylmaly"

TRT World Forumyna gatnaşan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly terrora garşy göreşiň halkara derejesinde alnyp barylmalydygyny aýtdy

830578
"Terrora garşy göreşiň halkara derejesinde alnyp barylmaly"

Dünýäniň çar tarapynda terrora garşy göreşiň alnyp barylýandygyny nygtan Çawuşogly, “Dünýäde 65 milliondan gowrak adam öýüni terk etdi. 25 milliondan gowrak adam bosgun ýagdaýyna geldi, 10 million adam döwletsiz we siriýaly 10 müňden gowrak çaga hem dereksiz ýitdi” diýdi.

ÝB-niň bosgunlar baradaky wadasynda durmandygyny ýatladan Mewlüt Çawuşogly bosgunlaryň utgaşyklygy işleriniň depgininiň güýçlendirilmelidigini nygtady we ÝB-de möwjeýän Yslamafoiýa ünsi çekdi.

Ministr Çawuşogly terrora garşy göreşiň halkara derejesinde alnyp barylmagynyň möhümdigini nygtan Çawuşogly “Emma ABŞ aýralykçy terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-ä goldaw berýär” diýdi.

Çawuşogly haýsydyr bir terror guramasyna  garşy göreşde başga terror guramasyna goldaw bermegiň dogry bolmandygyny belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar