"FETÖ/PDÝ-ä garşy göreşde Nigerýadan hyzmatdaşlyga garaşýarys"

Nigerýanyň Prezidenti Muhammadu Buhari resmi sapar bilen Türkiýä geldi

830418
"FETÖ/PDÝ-ä garşy göreşde Nigerýadan hyzmatdaşlyga garaşýarys"

Prezident R. T. Erdogan Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-ä garşy göreşde Nigerýadan hyzmatdaşlyga garaşýandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Nigerýanyň Prezidenti Muhammadu Buhari bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Prezident R. T. Erdogan “Biziň üçin Boko Haram bilen FETÖ-niň ýada DAIŞ-iň arasynda hiç hili tapawydyň ýokdygyny nygtamak isleýäris. Adyna we maksadyna garamazdan şol terror guramalary dolulygyna asuda ilatyň ganlary bilen iýmitlenýän ganhorlardyr” diýdi.

Nigerýanyň uly mümkinçiligi bilen global aktýordygyny aýdan Prezident Erdogan kärdeşi Muhammadu Buhari bilen iki ýurduň arasynda bilim we goranyş pudagynda edilýän gatnaşyklar hakynda pikir alyşandygyny ýatlatdy.

“Türk telekeçileri Nigerýanyň galkynyşynda jogapkärçilik almaga taýar” diýen Prezident Erdogany 182 million ilaty bilen materigiň güýçli ýurtlardan biri bolan Nigerýada TIKA-nyň ofisini açmagy meýilleşdirýändiklerini nygtady.

 



Degişli Habarlar