TRT World Forum şu gün başlaýar

Medianyň Dawosu hökmünde häsýetlendirilýän TRT World forum şu gün öz işine başlaýar

829311
TRT World Forum şu gün başlaýar

TRT-niň iňlis dilinde ýaýlyma berýän kanaly we internet saýty TRT Worldyň gün tertibiniň ileri tutulýan medeni, syýasy, ykdysady we sosial meselelere çözgüt tapmak maksady bilen ilkinji gezek geçirjek TRT World forumynda ençeme ýurtdan takmynan 400 syýasatçyny, işewür adamy, alymy, aktiwisti we metbugat işgärlerini bir ýere jemleýär. 

Iki gün dowam etjek forumyň hormatly myhmany Türkiýäniň Prezidenti Erdogan bolar.

TRT World Forumynda çykyş etjek adamlaryň arasynda Wise-premýer Bekir Bozdag, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ispaniýanyň ozalky Premýer ministri Žoze Luis Rodriguez Zapatero, Malkolm X-yň gyzy aktiwist Ilýasah Şabazz, Günorta Afrikanyň Galkynyň ministri Bathabile Olive Dlamini, TRT-nyň Baş müdüri Ibrahim Eren we RUSI-niň Baş müdüri Karin Won Hippel dagylar bar. 

Britaniýanyň Ynanç we jemgyýetlerden jogapkär ozalky ministri we Britaniýanyň ilkinji musulman zenan ministri Barones Saýeeda Warsi hem çykyş etjekleri arasynda bar.

18-19-njy oktýabrda geçiriljek TRT World Forumu syýasatyň we medianyň Dawosy bolar.

TRT Worldyň adamzat krizisi bilen baglanşykly duýgurlygyny artdyrmak üçin döreden “TRT World Citizen” taslamasy hem şu gün tanyşdyrylar.



Degişli Habarlar