Prezident Erdogan Yragyň Kürt Awtonmiýasyna berk ýüzlenmeler berdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň şu günki günde asudalyk we durnuklylyk içinde ýaşamagynda iň uly paýyň Türkiýä degişlidigini belledi

829749
Prezident Erdogan Yragyň Kürt Awtonmiýasyna berk ýüzlenmeler berdi

Erdogan Prezident kompleksinde guralan Arçynlaryň 40-njy maslahatynda Erbile berk ýüzlenmeler berdi.

Erdogan Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň ozal maliýe kynçylyklary başyndan geçirip, döwlet işgärleriniň aýlyklaryny töläp bilmän mahalynda Türkiýeden kredit alandygyny ýatladyp: “Biz olara uly möçberde kredit berdik. Hiç kim bermändi, emma biz berdik. Düýnki günde Yragyň Kürt Awtonomiýasyna kömek beren Türkiýe şu günki gün näme üçin gümrük geçelgelerini, howa giňişligini ýapýar? Bu soragyň jogabyna ilki bilen Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň jogap bermegi gerek” diýdi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Kerkükiň özüne degişlidigini aýtmagyna nägilelik bildiren Erdogan: “Gyssagly hereket edenler jogabyny bererler. Turýar, näme edýär? Kerkük meniňki diýýär. Sen nämä görä Kerkük meniňki diýýärsiň? Kerkükde seniň taryhyň barmy? Näme işiň bar seniň Kerkükde? Aýralykçy terror guramasy PKK ýaly eden etmişleri köp bolan, eli ganly başga bir gurama ýer berenlere elbetde gözümizi ýummarys. Biz ol ýerde PKK-ny, DAIŞ-i, Siriýada PÝD-ni, ÝPG-ni hiç biriniň hereket etmegine pursat bermeris. Ozal diýişim ýaly, bir gije duýdansyz geleris we gerek bolany ederis” diýip belledi.



Degişli Habarlar