Yragyň demirgazygynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 2 esger şehit boldy

Iki günde jemi 16 terrorçy öldürildi

828285
Yragyň demirgazygynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 2 esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrapçasynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda Türk ýaragly güýçlerinden 2 esger şehit boldy, 3 esger ýaralandy.

Türk ýaragly güýçlerinden berlen beýanatda “2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrapçasynda aýralykçy terror guramasy tarapyndan goýlan partlaýjy maddanyň ýarylmagyndan soň bolan çaknyşykda gahryman 2 esgerimiz şehit boldy, biri agyr 3 esgerimiz hem ýaralandy. Çaknyşykdan soň Zap etrapçasyna guralan howa hüjüminde aýralykçy terror guramasyna agza 8 terrorçy öldürildi” diýildi.

Beýleki tarapdan Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrapçasyna şu gün irden guralan howa hüjüminde hem 8 terrorçy öldürild.

Şeýlelikde iki günde jemi 16 terrorçy öldürildi.

 



Degişli Habarlar