Erdogan AK partiýanyň welaýat başlyklarynyň maslahatynda çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti Türkiýäni Fetullahçy terror guramasy FETÖ we aýralykçy terror guramasy PKK ýaly guramalar bilen çüňke gysmak isleýänleriň, özleriniň gönüden-göni meýdana çykmaga başlandygyny belledi

826607
Erdogan AK partiýanyň welaýat başlyklarynyň maslahatynda çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan partiýasynyň welaýat başlyklarynyň maslahatynda gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň üstünde durup geçdi.

Türkiýäniň ösmegini islemeýän töwerekleriň her gün täze bir taktika oýlap tapýandygyny aýdan Erdogan bu hüjümleriň käbirlerini Türkiýäniň ünsüni we energiýasyny sebitindäki tankydy meselelerden uzaklaşdyrmak üçin edilýändigini mälim etdi.

Erdogan: “Türkiýä syýasy, diplomatik, harby, ykdysady, ähli ugurlarda dyza çökdürip bilmeýänler her gün täze bir oýun bilen öňümize çykýar. Emma biz indi diňe direnmek bilen, goranmak bilen çäklenmän, öz oýnumyzy ädim-ädim ýola goýýarys. Başgaça aýdanymyzda goranyşymyzy güýçlenirýän mahalymyz, hüjüm etmegi hem ýatdan çykarmaýarys” diýdi.

“Ençeme ugurda bilelikde iş salyşýan käbir ýurtlaryň ýurdumyza garşy edýän iki ýüzli oýunlaryndan biz örän binjalyk bolýarys” diýen Erdogan: “Ýüz-ýüze gelen mahalymyz bize her dürli sözi, her dürli kepilligi berýänleriň arkamyzda oýnaýan oýunlaryň hapalygy mundan beýläk gizlenmez, bukup bolmajak ýagdaýa geldi. Indi bu naýza bu halta syganok” diýdi.


Etiketkalar: #Ak partiýa , #Erdogan , #PKK , #FETÖ

Degişli Habarlar